YLYM — ÖSÜŞLERIŇ, ROWAÇLYKLARYŇ, BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Ylym biziň ygtybarly ösüşimiziň kepilidir. Ylym umumymilli we umumadamzat bähbitli beýik maksatlary durmuşa geçirmegiň ýolundaky berk binýatdyr.

12-nji iýun — Ylymlar güni

YLYM — ÖSÜŞLERIŇ, ROWAÇLYKLARYŇ, BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan ylym syýasaty netijesinde döwletimiziň ylym ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Döwletimiz iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşygyny berk saklaýar. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hereket edýär. Onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň ýanynda aspiranturalar we doktoranturalar işleýär. TYA-nyň howandarlygynda dünýä ylmynyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny, onuň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge ýardam edýän ylmy saparlar guralýar. Ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.

Şahsyýetiň ruhy hem ahlak ösüşinde ylym esasy orunda durýar we ýaşlary umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olary ylmy işlere işjeň çekmek bilen häsiýetlenýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar Geňeşiniň merkezi döredildi. Bu merkezde ýaş alymlaryň işlerini ylmy esaslarda ugrukdyrmakda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen ýaşlary milli Liderimiziň: «Ýaşlarymyz halkymyzyň ykbalynyň ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ylmyň we bilimiň ynsana berlen gymmatlyklaryň iň beýigidigini hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadydygyny hiç wagt unutmaly däldirler» diýen öwütlerine berk tutýarlar.

Ylym döwletiň kuwwatyny we gelejegini kesgitleýän esasy gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim-ylym özgertmeleri esasynda örän gysga wagtyň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine getirdi. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Halkyň eşretli durmuşy we Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşli galkynyşy milli Lidermize uly abraý-mertebe getirdi.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy milli ylmy ösdürmekde hakyky öňegidişlik boldy. Bu merkeziň esasy maksady ylmy barlaglar geçirmek, bäsleşige ukyply tehnologiýalary hem-de önümçilige ornaşdyrmak üçin önümleriň nusgalaryny işläp düzmek, dünýä bazaryna eýýäm bar bolan geljegi uly tehnologiýalary ýerli şertlere uýgunlaşdyrmakdyr.

Ylym döredijilikli işiň netijesidir. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaş alýar. Ol bir ýerde durmaýar. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Täze pikirler we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň gatnawlary bilen türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklary, milli mirasy dünýäniň çar künjüne aralaşypdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merw, Nusaý, Ürgenç, Abywert, Saragt, Dehistan ýaly şäherlerde merdana pederlerimiz astronomiýa, himiýa, fizika, matematika, geometriýa, lukmançylyk, saz sungaty, taryh, edebiýat, dil bilimi ýaly ylmyň esasy ugurlarynda ilkinji gymmatly açyşlary, köp sanly ajaýyp oýlap tapyşlary bilen Gündogarda we Günbatarda ylmy mekdepleriň kemala gelmegine hem oňaýly täsirini ýetiripdirler.

Her ýylyň 12-nji iýuny — ýurdumyzda ylymlar güni. Ol ösüşlere beslenen beýik özgertmeler eýýamynda dörän baýramçylyk. Şol özgertmeleriň özenini oýlanyşykly ylmy çeşmeler, ylmy pikirleriň öňdebaryjy gazananlary düzýär. Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralar, maslahatlar bagtyýarlyk döwrümizde ýetilýän belent sepgitlerimize we gazanýan ajaýyp üstünliklerimize badalga berýär.

Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim taglymaty hemişe rowaçlyklara beslensin!