5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: ― Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we ösüp gelýän nesle miras goýmalydyrys.

TEBIGAT BIZIŇ IŇ ÄHLIMIZI JEMLÄP BILÝÄN ÝEKE-TÄK ÖÝÜMIZDIR

Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasynda durandyr. Häzirki wagtda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny dikeltmek hem ýokarlandyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlaryň her biri babatda oňyn tejribeler toplanyldy. Ýurdumyzyň ähli ýerleriniň doly gazlaşdyrylmagy netijesinde Garagum sähralygynda dörän sazak tokaýlyklary, dagda dörän jeňňellikler, diýarymyzyň çar künjüniň bagy-bossanlyga bürenmegi bu ugurda gazanylan netijelere mysallardyr. Goýnunda emeli kölüň döredilmeginiň diňe bir Garagumuň ýa-da ýurdumyzyň faunasydyr florasyna däl, tutuş Aziýa sebitiniň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirýändiginiň eýýämden bellige alnandygy hem buýsandyryjy maglumatdyr.

Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologiki taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly wehimler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meseleleridir. Bu meseleleri çözmekde dünýäniň ähli döwletiniň hyzmatdaşlygy, ähli halkynyň jebisleşmegi möhümdir. Şol meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagyny jebis hyzmatdaşlyk arkaly gazanmak mümkindir. Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek, başgaça hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin biziň ýurdumyz hem açykdyr.

Dünýäde ekologiýa meseleleriň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, daşky tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara konferensiýalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. 1972-nji ýylyň 5 — 6-njy iýunynda geçirilen Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawyň wajyp meselelerine degişli dünýä bileleşiginiň garaýşyny özünde jemleýän Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada ekologiýa ýörelgeleriň 26-sy kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň Meýilnamasy kabul edildi hem-de ekologiýanyň guramaçylyk, ykdysady, syýasy meseleleriniň döwletleriň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeginiň ugurlary anyklanyldy. Şu konferensiýa mynasybetli, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen 27-nji sessiýasynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda, 5-nji iýun ― Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene her ýyl Ýer ýüzünde bellenilip geçilýär. Şeýle-de, şol mejlisde ekologiýa çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen hemişelik hereket edýän edara — BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) döredildi.

Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri şol ÝUNEP-iň agzasydyr. Döwletimiziň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde tebigaty goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň halkara ekologiýa gatnaşyklaryndaky işjeňligine döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarydyr anyk teklipleri esas bolýandyr. Şeýle hem, döwletimiz abraýly halkara guramalarynyň köp sanlysynyň we daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň örän uly toplumynyň, işjeň agzasydyr. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly Konwensiýasy we Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Aşgabat Konwensiýasy ýaly halkara hukuk resminamalary bolsa ýurdumyzyň sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny düzýändir. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ekologiýa hyzmatdaşlygynyň sebit derejesinde ösdürilmegi wajyplyk bolup durýar. Çünki tebigat ― biserhet, howa gurşawy ― umumy, suwlaryň çeşmesi, gözbaşy ― bir, guşlar üçin serhet ýok. Şonuň üçin, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň goragy, Aral deňziniň halas edilmegi hem-de suw-energetika hyzmatdaşlygy ýaly Merkezi Aziýa sebitiniň meseleleri babatda döwletimizde işjeň we köptaraplaýyn ekologiýa diplomatiýasynyň alnyp barylmagy möhümlik bolup öňe çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Ynsan saglygy dem alýan howasy bilen aýrylmaz baglydyr. Adamlaryň gan basyşy, ýürek urşy howanyň üýtgemegi esasynda ýokarlanýar ýa-da pese gaçýar. Hut şu nukdaýnazardan hem biziň sagdyn ýaşamagymyz üçin daşky gurşawyň arassalygy möhüm, ekologiýanyň goraglylygyny üpjün etmek hökmanydyr. Ýurdumyzda bu babatda ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky alyp barýan ynsanperwer syýasaty hem munuň aýdyň mysalydyr. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde her ýylda agaç nahallarynyň müňlerçesi ekilýär. Çünki baglar biziň saglygymyzy goraýar, azyk bolçulygyny döredýär, tebigatymyzy görke getirýär, dem alýan howamyzy arassalaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Lukman hekim: «Sizi bejerjek, ähli däri-dermany özünde saklaýan, arassa howadyr, tebigatdyr, baglardyr» diýenmiş. Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, tebigatda bolmak, bagda gezim etmek saglyga peýdalydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Gurulýan senagat desgalarynyň daşky gurşawa zyýansyzlygy üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Tebigat biziň iň mähriban, iň ýyly, öz gujagyna ähli adamzady jemläp bilýän ýeke-täk öýümizdir. Türkmen tebigatyny gözüniň göreji ýaly eý görýän ynsanperwer Prezidentimiz biziň her birimize nusgalyk göreldedir. Goý, Türkmenistan döwletimiz göwünlerimize, dünýämize nuranalyk, päkizelik çaýýan gözel tebigaty, ýaşyl baglary, arassa ekologiýasy bilen dünýäde iň owadan ýurt bolmagy üçin öz yhlasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!