TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň dowamynda wise-premýer standartlaşdyryş ulgamy we önümleri güwälendirmegi kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynda ýerine ýetirilýän işler we onuň düzümi hakynda hasabat berildi. Geljekde bu guramanyň düzüminde düzümleýin üýtgetmeleri geçirmegiň hasabyna mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçiriş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diň¬läp, öň¬debaryjy pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, durmuşyň ähli ulgamlaryna täzeçil usullary ornaşdyrmagyň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, standartlaşdyrmagyň oňyn bäsdeşligiň ösdürilmegini, önümleriň we ýola goýulýan hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny, söwdada birnäçe tehniki bökdençlikleriň azaldylmagyny, sarp edijileriň bähbitleriniň goraglylyk derejesiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goralmagyny we serişdeleriň ähli görnüşleriniň tygşytlanmagyny şertlendirýändigini belledi. Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze binasynyň gurulmagy we onuň degişli derejede enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň bu gullugynyň sazlaşykly ösüşine, bir bitewi ölçeg ulgamynyň üpjün edilmegine, bölümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)