3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
― Halkymyzyň saglygy abadan hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr, ähli rowaçlyklarymyzyň we üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

WELOSIPED SÜRMEK ― BEDENI TAPLAMAGYŇ YGTYBARLY USULY

Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň ornaşdyrmak, ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ekologiýa taýdan arassa ulag we sport görnüşi bolan welosiped sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde dünýäniň 56 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şol Resminama laýyklykda, geçen ýyl dünýäniň 190 milli federasiýanyň we welosiped sporty boýunça bäş yklym konfederasiýalarynyň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň goşulmagynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu senäniň hut türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäň senanamasyna baýramçylyk hökmünde girizilendigi aýratyn bellenilmeli buýsandyryjy hakykatdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar. Çünki bu çärä 3 müň 246 adam gatnaşdy. Bu san döwlet Baştutanymyzyň sagdynlyk taglymatynyň we syýasatynyň barha dabaralýandygynyň görkezijisidir. Baýram güni hormatly Prezidentimize gowşurylan «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasy ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Dünýäň täze baýramçylygy mynasybetli geçen ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralypdy. Bu ýyl hem şol asylly däp dowam etdiriler. Şeýle çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň baş şäherimizdäki esasy ýörişiň başyny çekmegi bolsa ýurdumyzda bu waka näderejede ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýandyr.

Şeýle ýörişlerde welosipedçileriň hatarynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri bolup, olaryň her biri degişli lybaslar bilen üpjün edilen öz toparyny döredýärler.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işgärleri hem şeýle baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Çünki milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy berkitmäge we ruhubelentlige ýardam bermän, erkiňi taplamaga, işe ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Welosiped sürmek diňe bir syýahatçylygyň giňden ýaýran görnüşi däl-de, beden kämilligini hem-de özüňi oňat duýmagy saklamak üçin türgenleşikleriň iň ýaýran görnüşidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek meýilleri işjeň häsiýete eýe bolýar. Welosiped sporty bolsa hemmeler üçin bähbitli hem-de fiziki işjeňligi artdyrýan köpçülikleýin görnüşde ösdürilýär. Welosipedli gezelenç örän täsin duýgulary döredýär, şeýle hem daşymyzy gurşap alýan dünýäni öwrenmäge, ekologiýa ýagdaýyna zyýan ýetirmezden tebigatyň täsin künjeklerinde bolmaga mümkinçilik berýär. Adamzadyň oýlap tapan iň meşhur zady barada geçirilen halkara pikir soralyşygyň jemleri boýunça welosipediň ýeňiji bolmagy tebigy ýagdaýdyr.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ynsan sagdynlygy, ruhy ahlaklylygy, kämil düşünjeliligi dogrusynda çuňňur aladalanylýar. Muňa adamzadyň iň wajyp baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny gorap saklamaklyga we ony berkitmeklige gönükdirilen derwaýys işler kepil geçýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda geljekde hem giň gerimli işler amala aşyrarys» diýen dürdäne jümleleri hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen çuňňur mazmunly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sporty we bedenterbiýäni halkyň islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek işleri alnyp barylýar. Ähli welaýatlarda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň gurulmagy, köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmegi raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrundaky maksada tarap ädilen aýgytly ädimlerdir.

Ýeri gelende durup geçsek, welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirilen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar. Häzirki döwürde welosiped sporty diňe bir sport ulgamynda bolup geçýän özgerişleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik maksatlarynyň, dostlugyň we raýdaşlygyň dabaralanýandygyny hem alamatlandyrýar. Ýurdumyzda halklary ýakynlaşdyrmagyň, Ýer ýüzünde parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda sport babatda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Häzirki döwürde welosiped ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýar. Ony adamzadyň eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýär, welosiped daşky gurşawa aýawly garamaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam berýär. Iňlis ýazyjy Gerbert Jorj Uells hem: «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belläpdir.

Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Häzirki wagtda bir asyrdan gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, awtoulagsyz günüň geçirilmegi ýaly çäreler jemgyýetimiziň aňynda we durmuşynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we ata-baba ynsanperwer däpleriň berk ornaşmagyna has-da ýardam edýär.