1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
― Türkmen döwleti çagalygy adam ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagy ileri tutmak, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlylygy terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alýar».

ÇAGALAR ― DÜNÝÄMIZIŇ, DURMUŞYMYZYŇ BEZEGI

Çagalar ― geljegimizi ýagtyldýan, nurlandyrýan Güneş. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen gurdurylýan ähli amatlyklary bolan, okuwa ilkinji bilimleri, şol sanda kompýuter ulgamynda hem zerur endikleri alyp, taýýarlykly barmaklary üçin ähli şertler döredilen döwrebap çagalar baglary, ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy, şol sanda interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleri göreniňde, ertirki günümiziň bagtyýarlyk bossanlygynda mekan tutandygyna bolan ynamyň berkeýär.

Türkmenistan nesil terbiýesi we durmuş taýdan goraglylygy babatda abraýly halkara guramalray bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň hem-de Aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny goramaga degişli hukuk resminamalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy babatda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň we eneleriň hukuklaryny, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän, hemaýat we kömek pullarynyň berilmegini kadalaşdyrýan ençeme kanunçylyk namalar kabul edildi. Türkmenistanda enäniň we çaganyň sagdyn kemala gelmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleri, «Ene mähri» merkezleri we beýleki saglygy goraýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Türkmenistan sözüň doly manysynda bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. «Awazada», «Gökdere» jülgesinde gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly we manyly geçirýär.

Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikler ýokary derejede, guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde kompiýuter sowatlylygy we dürli dersler boýunça her ýylda geçirilýän ders bäsleşikleri hem dürli ugurlardan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy size – ylymly, bilimli, ukyply ýaşlara baglydyr. Özüňize bildirilýän ynamy ödemek mukaddes borjuňyz bolmalydyr» –diýen sözlerinden ruhlanyp, ýeňiş belentliklerine ymtylýarlar. Olar, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu atalyk aladalaryna jogap edip halkara ders bäsleşiklerinde, Internet bäsleşiklerinde öňdäki orunlary eýelemegi, medallardyr kuboklary gazanmagy, diplomlara mynasyp bolmagy başarýarlar.

Her ýyl täze okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisi hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuter sowgat alýarlar. Ýurdumyzda rus, iňlis, fransuz, ýapon, koreý, hytaý dillerini, matematika, fizika, biologiýa, himiýa ýaly tebigy we takyk bilimleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde bilim almaga olara giň mümkinçilikler bar.

2014-nji ýyldan bäri paýtagtymyzda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Onda beden taýdan mümkinçiligi çäkli çagalar okaýar. Toplumda psihofiziologiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sagaldyş we bilim-terbiýeçilik toplumlary göz öňünde tutulan. Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ýokary hilli bilim almaga we bejergi almaga bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilendir.

Çaga diňe bir öz ene-atasynyň däl, eýsem, il-ýurdunyň, jemgyýetiň hem esasy baýlygydyr, çalşyp bolmajak ezizligi, gymmatlygydyr. Şol baýlygyň ygtybarly goraglylygy möhümdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip bellenilşi ýaly, bu möhüm wezipe her bir adamyň diňe bir ynsanlyk däl, ýokary jogapkärçilikli raýatlyk borjudyr.

Çagalar ― durmuşyň gül-gunçalary, pür-pudaklary, dal-daragtlary, şol gülleriň, daragtlaryň bagbany biz – ulular. Gülleriň, baglaryň sagdyn, owadan, saýaly, miweli bolup ýetişmekleri üçin olara idi-yssywat, timar gerek bolşy ýaly, çaganyň hem aňly düşünjeli, kämil, ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup, mahlasy doly bahaly bagtly adam bolup ýetişmegi üçin tälim-terbiýe, edim-gylym, görüm-görelde gerek. Olarda oňat gylyk-häsiýetleriň kemala getirilmegi gerek. Bu bolsa onuň geljekki durmuşy, jemgyýetiň kadaly ösüşi üçin hem uly ähmiýete eýedir.

Ýurt Baştutanymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly kitaplary arkaly biz ata-enä, ýaşuly nesle, pederlemize hormat goýmagyň, olaryň sarpasyny saklamagyň göreldesini görýäris. Edil şonuň ýaly-da şol romanlardan çagany nähili terbiýelemeli, söýgülemeli, ezizlemelidigini-de öwrenýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde çagalygy goramak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.