Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna bardy


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PAÝTAGTYNA BARDY

2022-nji ýylyň 10-njy iýunda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany garşylamagyň resmi dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär.

Dabara Moskwa şäherine bir gün ozal gelen ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem gatnaşdy.

Dabara hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden özi üçin ýörite bellenilen kabulhana tarap ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)