«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz»


«TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY — MILLI MIRASYMYZ»

2022-nji ýylyň 2nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagyndaky «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly ylmy-amaly maslahy geçirildi. Bu maslahatda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Işgärler syýasaty we ýörite işler bölüminiň şeýle hem gullugyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Bägül Gaipowa işjeň gatnaşdy. Bu ylmy-amaly maslahatda türkmeniň keşdeleri, nagyşly lybaslary, milli şaý-sepleri, zenanlarymyzyň ellerinden çykan kürte, çabyt ýaly milli lybaslaryna salnan keşdeleriň nepisligi we gözelligi barada maslahat edildi.

Hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat ejäniň el işleriniň ussadydygy we Ogulabat ejäniň öz baldyzynyň durmuş toýuna niýetläp, çeper elleri bilen sünnäläp bejeren, kalbynyň mährini siňdiren kürtesi barada gürrüň edildi.

Bu maslahata işjeň gatnaşmak bilen, Ogulabat ejemiziň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden çeper el işleri barada, kürtäniň keşde bezeginde ulanylýan gadymy, milli nusgawy nagyşlary barada kitapçasy (braşurasy) «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň howandarlygynda gullugyň ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan ýasaldy. Bu kitapça (braşura) türkmeniň keşdeçilik sungatyny, keşde nagyşlarynyň taryhyny öwrenmekde çeşmedir.

Hormatly Arkadagymyza, Hormatly Arkadagly Serdarymyza türkmeniň çeper döredijiligi bilen kemala gelýän, könelmejek nagyşlaryny halkymyza gadymy gymmatlyklarymyzy dikeltmekde edýän ähli tagallalary üçin, köp köp sag bolsun aýdýarys.

Goý, Hormatly Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Haç parzy kabul bolsun, ýollary rowana!