18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

IKI MUKADDESLIGIŇ SAZLAŞYGY

Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram bolup senenamamyzda orun alan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda-da uly ruhubelentlige beslenip bellener.

Döwletliligiň esasy alamatlaryny özünde jemleýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny dabaralandyrýan Konstitusiýa we Döwlet baýdagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ähli raýatlaryň ruhuny joşdurýar.

Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagynyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň hatarynda kesgitlenmegi bu gymmatlyklaryň özara utgaşygyny emele getirýär. Şol gymmatlyklarda ata-babalarymyzyň döwletlilik hakyndaky köpasyrlyk arzuwy we halkymyzyň mizemezligi, tebigata mahsus ýaşaýşyň we ösüşiň sazlaşygy jemlenýär. Döwlet nyşanlaryna bolan egsilmez buýsanç we çäksiz söýgi, döwletimiziň berkararlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Bu baýramçylyk biri-biriniň üstüni ýetirýän döwürleriň taryhyny we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň parasatly garaýyşlaryny, milli mirasyny, medeniýetini we ruhy dünýäsini bitewüleşdirip, ýurdumyzy beýik maksatlara galkyndyrýar. Onuň ýörelgeleri bolsa her birimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge, Döwlet nyşanlaryny hormatlap, gözüň göreji deýin goramaga borçlandyrýar.

Türkmeniň ýaşyl Tugy — Watanymyzyň şöhratly taryhyna, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine, ynam-ygtykatyna, akyldarlaryň pähim-paýhasyna ýugrulan nyşan, ruhy güýç. Onda halkymyzyň Watana, Watanyň beýik ogullaryna, ene topraga, şöhratly geçmişe bolan beýik hormaty we eşretli geljege pugta ynamy jemlenýär.

Baýdak — halkymyzyň sarsmaz ynamy. Döwlet baýdagymyzdaky her bir şekil ýa-da reňk ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny hem Bitaraplygyny, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden ajaýyp mukaddeslikleriniň, gymmatlyklarynyň, durmuş we ýaşaýyş babatdaky parasatly düşünjeleriniň çugdam beýanydyr. Ýurdumyzyň döwlet nyşanlarynyň ählisinden hem halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny we milli özboluşlylygyny hiç bir düşündirişsiz okap bolýar. Ol nyşanlar halkymyzyň döreýşinden, tä şu gününe çenli döwürdäki ähli mukaddeslikleriniň şöhlelenmesidir. Baýdak türkmeniň ähli döwürlerinde hem keramatly hasap edilipdir.

Türkmeniň milli tugy mukaddeslikdir. Bu mukaddeslik türkmeniň döwletliliginiň, berkararlygynyň nyşanydyr. Ýaşyl tugumyza gahryman pederlerimiziň egsilmez ruhy, gözsüz batyrlygy, mertligi, watansöýüjiligi siňendir. Ata-babalarymyz mukaddes tuguny hiç kime harlatmandyrlar, ony al-asmanda parladypdyrlar. Türkmeniň milli tugy özüniň gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar.

Il-ulsumyz Döwlet baýdagymyzda özleriniň köňül arzuwlarynyň wysalyny, ynsanperwer döwletimiziň, mähriban ýurdumyzyň göterilen ykbalyny görýärler. Türkmeniň gerçek goç ýigitleri mukaddes topragymyza dyzlaryny epip, Döwlet Tugumyzy öpüp, ata Watana, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine kasam edýärler. Esgerlik kasamy bolsa, olaryň bütin ömrüne ruhy güýç bagyşlaýar.

Biziň üçin Baýdagymyz ezizdir, sebäbi ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kanun esasynda döredilendir we goralýandyr.

Dünýäniň islendik döwletinde Konstitusiýanyň kabul edilmegi syýasy, sosial we ýuridiki ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi Konstitusiýa jemgyýetiň syýasy, sosial we ýuridiki ýörelgelerini kesgitleýär. Her bir döwletiň Konstitusiýasy jemgyýetde hereket edýän milli däp-dessurlaryň we umumy konstitusion kanunlaryň özara ylalaşygyny aňladýar. Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sine Garaşsyzlygyny alanyndansoň, öz Konstitusiýany kabul etdi. Konstitusiýany kabul etmek bilen, döwletiň gurluşy kesgitlenilýär. Türkmen halky şu ýyllaryň içinde syýasy durmuşynda, demokratiýany ösdürmekde gazanan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr, sebäbi her bir türkmen raýaty Konstitusiýanyň her bir maddasynda öz hukuklaryny, öz isleglerini we milli aýratynlyklary kesgitleýän gymmatlyklary tapýar.

Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjiliginiň miwesidir. Konstitusion kadalaryň milli mirasymyza, halkymyzyň paýhas çeşmelerine esaslanyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşdyrylyp ösdürilmegi ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadynyň pugtalanmagyny alamatlandyrýar. Bu möhüm iş milli mirasymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde, raýat jemgyýetini berkarar etmekde, Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelere, adam hukuklary boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalara yzygiderli eýerýändigini görkezýär.

Konstitusiýamyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň giňişleýin beýan edilýändigi, hususan-da, maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň döwlet tarapyndan goralýandygy, şeýle-de adam we tebigat sazlaşygyna gönükdirilen kadalaryň ösdürilmegi, adamlaryň milli mirasy, tebigatyň baýlyklaryny goramaga, rejeli peýdalanmaga, ösdürmäge bolan hukuklarynyň we borçlarynyň konstitusion derejede berkidilmegi halkara jemgyýetçiligiň goldawyna mynasyp bolýar. Konstitusiýanyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly ösüşinde ulag-aragatnaşyk, energetika, ylmyň ileri tutulýan ugurlary, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, intellektual eýeçiligi goramak bilen birlikde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda işjeňligi hukuk ulgamynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýörite bölüm adam hukuklaryna we azatlyklaryna bagyşlanandyr. Bu bölümiň maddalarynda adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi, aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy, olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikler, her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugy, adamlaryň erkinligi we şahsy eldegirmesizligi, bilim almaga, saglygyny goramaga, zähmet çekmäge hukuklary, medeni durmuşa gatnaşmaga, dynç almaga hukuklary umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň derejesinde kepillendirilýär.

Ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýan we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän, halkymyzyň durmuş-medeni derejesiniň yzygiderli ýokarlanýan ykdysadyýetimiziň görlüp eşidilmedik derejede ösýän, giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýan hem-de ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň hukuk binýadyny üpjün edýär, milletimiziň gülläp ösmegine ýardam edýär. Esasy Kanunda jemgyýetçilik syýasy gatnaşyklary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini, döwlet-hukuk institutlarynyň tutuş ulgamyny özgertmäge degişli meseleler öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Esasy Kanunynda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi hem berkidilendir. Türkmenistan bu derejä eýe bolmak bilen, halkara kadalary ýerine ýetirmek boýunça has belent borçnamalary öz üstüne aldy we şeýlelikde halkara hukugyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak meselelerini çözmäge öz garaýyşlaryny kesgitledi. Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine ýokary baha berýär.

Konstitusiýanyň kadalary esasynda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini has çuňlaşdyrmak, raýatlaryň demokratik hukuklaryny giňeltmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuklaryny artdyrmak, oba hojalygynda hususy önümçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, bu pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatly çeşmesine öwürmek ýaly, ösüşimiziň häzirki pursatlary üçin derwaýys wezipeler öňde durýar. Şonuň üçin milli Liderimiz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň ýokary halkara ölçegine laýyk gelýän hukuk binýady bolmalydyr, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýol bilen ösdürmäge ýardam bermelidir. Esasy Kanunymyz ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini, netijede, halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmelidir» diýip nygtaýar.

Goý, berkararlyk Baýdagymyz asuda asmanymyzyň astynda baky parlasyn! Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir.

Öz halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik maksatly işleri alyp barýan milli Liderimiziň ýoly aýdyň, geljegi röwşen bolsun!