Türkmenistan — ÝUNESKO


TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: HYZMATDAŞLYGYŇ NETIJELERI GURAMANYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNDA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 40-dan gowrak abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär.

ÝUNESKO 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Guramanyň merkezi edarasy Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşip, onuň 193 sany esasy agzasy we 11 sany assosirlenen agzasy bar. ÝUNESKO-nyň öňde goýan maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ýurtlaryň hem halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýar. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge mynasyp hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Bu babatdaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky», 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýalaryna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga- da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi goramakdan, ählitaraplaýyn öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde Gadymy Merw (1999 ý.), soňra Köneürgenç (2005 ý.), Nusaýyň Parfiýa galalary (2007 ý.) döwlet medeni- taryhy ýadygärlikleri, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa «Görogly» şadessany (2015 ý.), Nowruz baýramy (2016 ý.), «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungaty (2017 ý.), türkmen milli halyçylyk sungaty (2019 ý.), dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty (2021 ý.) ýaly gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketleriň täze meýilnamasy hereket edýär. Meýilnama laýyklykda, ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň ählumumy torunyň «Dizaýn» diýen döredijilik ugruna paýtagtymyz nowjuwan Aşgabady, «Senetler we halk döredijiligi» diýen ugruna Türkmenabady, «Edebiýat» diýen ugruna bolsa Mary şäherini girizmäge taýýarlanylýar. Bu ugurda resminamalary taýýarlamagyň deslapky işlerine girişildi [2, 1 s.].

Mundan başga-da bu sanawa girizmek üçin indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň, «Ahalteke bedewlerini seýislemek sungatynyň» we «Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungatynyň», «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň üstünde işlenilmegi, hödürlenilmegi türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: «...türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungatyny, demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini hem bu sanawa girizeris.

ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşarys. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, orta mekdeplerimiziň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizeris» [1, 159-160 s.] diýip, ynamly belledi. Şonuň ýaly-da türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli aýratynlygyny açyp görkezýän türkmeniň ak öýi, türkmen milli lybasynda aýratyn üns çekýän, tüýleri buýrabuýra, seçelenip duran silkme telpegi, dograma milli nahary hem gaýtalanmajak, özboluşly sungat derejesinde ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmaga mynasypdyr.

Munuň üçin häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta- da, milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň, web-saýtlaryň, çeper edebiýatymyzyň üsti bilen Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň taryhy, onuň çäklerinde gazanylýan üstünlikler, hususanda, ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna giren taryhy ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary, ähmiýeti halk köpçüligine wagyz edilýär.

EDEBIÝAT:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Abadançylygyň röwşen gadamlary. — Aşgabat: TDNG, 2022.

2. Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni diplomatiýa // «Türkmenistan» gazeti, 2020 ý., 4-nji noýabr.



Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №1, 2022