Mary welaýaty. Suw hasaplaýjy üçin niýetlenen


SUW HASAPLAÝJY ÜÇIN NIÝETLENEN

Bu günki gün milli ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ykdysady ösüşleriň çäklerinde Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynda- da guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gullugyň maddyenjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ornaşdyrylýan enjamlar gullugyň öz işini talabalaýyk alyp barmagyna ýardam edýär.

Şeýle enjamlaryň biri suw hasaplaýjyny döwlet deňeşdirme barlagyndan we metrologik synagdan geçirmek üçin niýetlenen, Russiýa döwletiniň önümi bolan «ВПУ-Энерго» kysymly synag enjamydyr. Enjam geçen ýylyň fewral aýynda barlaghanamyzda ornaşdyrylyp, degişli synaglardan soň şol ýylyň iýul aýynda işe girizildi.

Bilşimiz ýaly, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň suwy tygşytly ulanmagyny gazanmak maksady bilen, öýlerde suw hasaplaýjylar ornaşdyryldy. Suw hasaplaýjynyň deňeşdirme barlagyndan we metrologik synagyndan geçirilmegi zerurlykdyr.

Köpsanly sarp edijileriň islegleri esasynda ornaşdyrylan bu kämil enjam akýan suwuň temperaturasyny, basyşyny, göwrümini we ulanylyşyny ölçemek arkaly diametri 10, 15, 20, 25, 32 mm ölçeglerdäki suw hasaplaýjylaryň deňeşdirme barlagyny ýokary takyklykda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Enjamyň ýene-de bir aýratynlygy bar. Ol impulsly (tolkunly) çykyşy bolan suw hasaplaýjylaryň metrologik häsiýetnamalaryna gözegçiligi we barlagy ýokary derejede ýerine ýetirýär. Enjam synagy üç görnüşde: 120, 360 we 720 sekunt wagt aralyklarynda amala aşyrýar. Ol özüniň ýüz panelinde ýerleşdirilen düwmeler arkaly dolandyrmak we etalon görkezijisi boýunça gözegçilik etmek arkaly awtonom (özbaşdak hereketde) düzgünde, şeýle hem programmanyň kömegi bilen kompýuterden dolandyrmak arkaly peýdalanylýar. Synaglaryň netijeleri bellenilen görnüşdäki synag teswirnamasyna geçirilýär hem-de çap edilýär.

Ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakda enjamyň ähmiýeti örän uludyr.



Meýlis ISAÝEW,
Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň metrologiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary.

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №1, 2022