Türmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:


«Standartlaşdyrmak möhüm pudak bolup, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidir»

     

Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda...



«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«18» mart 2019 ý.   № 63-iş

Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň
Sanawyny tassyklamak hakynda

«Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň Sanawyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmen standartlary maglumat merkezi Türkmenistanyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna «Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda» buýrugyň kabul edilendigi barada habar bermeli hem-de gyzyklanýan taraplaryň ýüz tutmalary esasynda buýrugyň zerur bolar nusgalary bilen bellenilen tertipde üpjün etmek boýunça degişli işler geçirmeli.

3. Şu buýrugy 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan herekete girizmeli.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 29-njy martynda 973 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň Sanawyny tassyklamak hakynda» «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 14-nji martynda çykaran 1/33 belgili buýrugyny 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

5. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmegi we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar berilmegini Türkmen standartlary maglumat merkezine tabşyrmaly.

6. Şu buýrugyň, ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Kakabaýew




Sertifikatlaşdyrylmaga degişli hyzmatlaryň
SANAWY

1. Elektrik enjamlaryna hyzmat etmek we olary abatlamak:
1) oýun awtomatlaryny gurnamak we abatlamak hyzmatlary;
2) elektron oýun zallaryň hyzmatlary;
3) elektrik hereketlendirijileri abatlamak hyzmatlary.

2. Durmuş hyzmatlary:
1) dellekhana we adamyň daş keşbine ideg etmek bilen bagly bolan hyzmatlary;
2) çaphana hyzmatlary;
3) jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary;
4) egin-eşikleri himiki usulda arassalamak hyzmatlary;
5) awtoulaglaryň wulkanizasiýa hyzmatlary;
6) fotostudio hyzmatlary.

3. Sport hyzmatlary:
1) suw-sport desgalarynyň (howuzlarynyň) we türgenleşik zallarynyň hyzmatlary;
2) sportyň oýun görnüşleriniň hyzmatlary.

4. Syýahatçylyk hyzmatlary:
1) giriş syýahatçylyk hyzmatlary;
2) içerki syýahatçylyk hyzmatlary.

5. Harby maksatly hyzmatlary:
1) harby hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak boýunça hyzmatlar;
2) uçarlara, dikuçarlara, harby tehnikalara, ýaraglara we enjamlara edilýän tehniki hyzmatlar;
3) ýöriteleşdirilen tehnikalary düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatlar.