7-nji aprel — BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda hem-de baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň netijesinde ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek maksady bilen paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak arkaly derman serişdelerini öndürýän kärhanalar işe girizildi. Olarda öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Eneleriň, çagalaryň, ýetginjekleriň, uly ýaşly adamlaryň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň möhüm bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi guruldy. Milli atçylyk sportumyzyň dünýäde uly meşhurlyga eýe bolmagy halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary guruldy we sportuň tehniki görnüşleri hem ösdürilýär.

Welaýatlarda, etraplarda, ýurdumyzyň iň çet künjeklerinde hem saglyk maksatly desgalar, sport toplumlary gurulýar, hereket edýän saglyk edaralarynyň durky täzelenýär, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işi dowam etdirilýär.

Häzirki zaman sport toplumlary, köpugurly stadionlar ak şäherimiz Aşgabadymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşyp, adamlaryň ýygy-ýygydan gelýän ýerlerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde bu desgalarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Şonuň netijesinde Bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýan türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmagy has-da buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Mälim bolşy ýaly, hut Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki Kararnamasyna laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýlip ykrar edildi. Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak asylly däbe öwrülip, ol şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny, ýaşululary we ýaşlary, tutuş halk köpçüligini özüne birikdirýär. Munuň özi, milletiň saglygy bilen baglanyşykly gymmatly ýörelgeleriň derejesini äşgär edýär, şeýle hem beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamyny döretmek maksatnamasynyň ýurdumyzda ýokary derejede amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň ynsan saglygyny goramagy ündeýän ähmiýetli gollanma öwrülendigi aýratyn bellemeli ýagdaýdyr.

Dermanlyk ösümlikleriň bitýän ýerleri, häsiýetleri, ösüş şertleri, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ekologiýa taýdan ähmiýeti, olary ýygnamagyň möhleti we usullary, saklamagyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berýän bu kitap tebigatyň we ynsan saglygynyň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýär.

Bularyň hemmesi Berkarar Watanymyzda halkymyzyň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Eziz diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilip geçilýän “Bütindünýä saglyk güni” Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähmiýetli baýramlaryň birine öwrülmek bilen belent many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz Watanymyzda adamzadyň parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri barha baýlaşdyrylýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň üçinem bagtyýar halkymyz Bütindünýä saglyk gününi jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan halkara baýramy hökmünde dabaraly belleýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň has-da dabaraly geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä äşgär edýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip ýazyşy ýaly, saglyk ynsan üçin iň gymmatly baýlykdyr. Saglygyň açary bolsa, elbetde, ruhubelentlik hasaplanylýar. Ruhubelentlik bolsa berkarar döwletli bagtyýar zamanadan, parahat durmuşdan, rowaçlykdan gözbaş alýar. Şu ajaýyplyklary döreden hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir, goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!