Metrologiki gözegçilik we döwlet gözegçilik barlagy


BARLAGLAR TERTIBE LAÝYKLYKDA ALNYP BARYLÝAR

Ylmy-tehniki ösüş durmuşyň ähli ugurlarynda metrologiýa bil baglaýar. Ölçegleriň bitewiligini we takyklygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler «metrologiki üpjünçilik» diýen düşünjeden ugur alýar.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy we onuň garamagyndaky edaralar tarapyndan amala aşyrylýan metrologiki gulluklaryň işine, metrologiki kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilişine we durmuşa ornaşdyrylyşyna, şol sanda Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriň metrologiki üpjünçiliginiň düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilişine metrologiki gözegçiligi we döwlet gözegçilik barlagyny geçirmek örän möhümdir.

Metrologiki gözegçilik we döwlet gözegçilik barlagy «Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hakynda Düzgünnama, şeýle-de «Metrologik gözegçiligi we döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrmagyň Tertibine» laýyklykda alnyp barylýar.

Metrologiki gözegçilik we gözegçilik barlagy durmuşyň köp ugurlaryny öz içine alyp, adamyň keseli anyklanylanda we bejerilende, dermanlar öndürilende, ylmybarlag işleri geçirilende, ölçegleriň serişdeleriniň hem-de standart nusgalaryň synaglary geçirilende we beýleki ýagdaýlarda geçirilýär.

Döwlet gözegçilik barlaglary ýylda azyndan bir gezek meýilnamalaýyn tertipde geçirilýär. Metrologiýa babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlarda, ölçegleriň takyk bolmadyk netijelerini ýüze çykarmak we aradan aýyrmak bilen bagly takyk meseleleri çözmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy esasynda meýilnamadan daşary gözegçilik barlaglary geçirilip bilner.

Metrologiki gözegçilik we döwlet gözegçilik barlaglary geçirilende, esasan, şu aşakdakylara üns berilýär:

1) barlag- ölçeg amallaryna talaplary çäklendirýän kadalaşdyryjy, konstruktorçylyk, tehnologiki resminamalaryň, ulanylýan ölçeg serişdelerine we ölçegleriň ýerine ýetirilişine bildirilýän talaplaryň dogrulygyna;

2) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda ölçegleri ýerine ýetirmegiň tehnologiki üpjünçiligine;

3) standartlaryň talaplaryna laýyklykda çykarylýan önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) hiline gözegçilige, synag we ölçeg serişdeleriniň ýerbe- ýerligine;

4) kabul edilişde maddy gymmatlyklar hasaba alnanda, çig mal, maddalar, energiýa, taýyn önümler çykarylanda we hasaba alnanda ölçeg serişdeleriniň üpjünçiligine;

5) ölçeg serişdeleriniň ulanylyş tertibiniň dogrulygyna, olaryň ulanylyş şertleriniň gabat gelşine;

6) ölçeg serişdeleriniň düzüwligine, ýagdaýyna we ölçeg amallarynyň ýerine ýetirilişiniň dogrulygyna;

7) ölçeg serişdeleriniň barlagynyň tertibiniň berjaý edilişine;

8) ölçeg serişdeleriniň hemişelik guratlygyny üpjün etmegiň talaplarynyň barlagynyň kesgitlenen döwrüne gabat gelşine;

9) ölçeg serişdeleriniň hasaba alnyşynyň tertibiniň berjaý edilişine;

10) ölçeg serişdeleriniň saklanyş şertleriniň amal edilişine;

11) metrologiki gullugyň gurnalyşyna, onuň önümçiligiň metrologiki üpjünçiliginiň talaplaryna laýyk gelşine, ölçeg serişdeleriniň ýagdaýy barada jogapkär bolan işgäre degişli buýrugyň barlygyna;

12) metrologiki gulluklaryň edaralarynyň olar hakyndaky düzgünnama laýyk gelşine;

13) önümçiligiň dowamynda metrologiki üpjünçiligiň önümleriň (işiň, hyzmatyň) hiliniň ýetmezçiligine täsirine;

14) öňki barlaglaryň netijeleri boýunça teklipleriň ýerine ýetirilişine.

Döwlet gözegçilik barlagynyň netijeleri (toplumlaýyn barlaglary goşmak bilen) degişli tertipde delilnama bilen resmileşdirilýär.

Metrologiki gözegçiligiň we döwlet gözegçilik barlaglarynyň geçirilmegi raýatlaryň hukuklaryny, döwletiň ykdysady bähbitlerini goramak maksadyna gönükdirilendir.



Azat KUWADOW,
Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň metrologiki döwlet gözegçilik bölüminiň uly döwlet inspektory

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №4, 2021