Türmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:


«Standartlaşdyrmak möhüm pudak bolup, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidir»

     

Deňeşdirip barlamaga we kalibrlemäge degişli ölçeg serişdeleriň we olaryň döwürleýinligiň Sanawyna üýtgetmeleri girizmek hakynda...



«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«07» mart 2019 ý.   № 58-iş

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 1/108 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Deňeşdirip barlamaga we kalibrlemäge degişli ölçeg serişdeleriň we olaryň döwürleýinligiň Sanawyna üýtgetmeleri girizmek hakynda

«Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ölçegleriň takyklygyny üpjün etmek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde tarapyndan 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda 899 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 1/108 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Deňeşdirip barlamaga we kalibrlemäge degişli ölçeg serişdeleriň we olaryň döwürleýinligiň Sanawynyň ýedinji, on dördünji, on bäşinji, ýigrimi ikinji, ýigrimi dördünji we togsan dokuzynjy böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

7. Rotametrleriň ähli görnüşleri 4 ýylda 1 gezek
14. Suwukluklary goýbermek üçin niýetlenen hasaplaýjylar (merniklar) ýylda 1 gezek
15. Sygymlylyk ölçegleriň ähli gömüşleri (aýnadan öndürlen) 4 ýylda 1 gezek
22. Gaz hasaplaýjylar we harçlama ölçeýjiler (rashodomerlar):  
 

senagatda ulanylýan harçlama ölçeýjileriň (rashodomerleriň) ähli görnüşleri

4 ýylda 1 gezek
 

senagatda ulanylýan, diafragmaly (membranaly, kameraly) hasaplaýjylar

4 ýylda 1 gezek
 

senagatda ulanylýan, turbinaly hasaplaýjylar

ýylda 1 gezek
 

senagatda ulanylýan, rotasion hasaplaýjylar

2 ýylda 1 gezek
 

deprek we tüweleý görnüşli

4 ýylda 1 gezek
 

ultrasesli hasaplaýjylar

5 ýylda 1 gezek
 

termomassaly hasaplaýjylar

2 ýylda 1 gezek
24. Iýmit önümleri üçin niýetlenen rezerwuarlar we mernikler 5 ýylda 1 gezek
22. Zäherleýji, ýangyç, partlaýjy, gazlaryň, şeýle hem buglaryň konsentrirlemesiniň gazanalizatory we signalizatorlary ýylda 2 gezek
  Etanol buglaryň howadaky (dem çykarmadaky) konsentrirlemesiniň analizatory ýylda 1 gezek

2. Şu buýrugy döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ garamagyndaky edaralaryň metrologik gulluklary hem-de deňeşdirme barlaglary we kalibrleme işerini geçirmeklige hukuklary bolan fiziki we ýuridik şahslar şu buýrugyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Kakabaýew