Standarta laýyklyk


YKDYSADY ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ MENZILLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişli menzilleri ynamly külterleýär. Şeýle ösüşli depgin döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly toýunyň toýlanylan ýylynda ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligi artdyrylýar. Munuň özi bäsleşige ukyplylygy we milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Içerki bazarlarymyzda uly isleg bildirilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryňkydan hili pes bolmadyk önümleriň önümçiligini giň gerimde ýaýbaňlandyrmakda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, köpdürlüligini artdyrmak häzirki döwürde döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň we senagatlaşdyrmak syýasatynyň ilerlenmeginde möhüm ädim boldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlary we önümleri milli önümlerimiz hem-de harytlarymyz bilen çalyşmak ýerli önüm öndürijileriň bähbitleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün edýär.

Öndürilýän önümleriň we harytlaryň, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hiliniň döwlet standartlarynyň ýokary talaplaryna laýyklygyny gazanmak möhüm meseledir. Ilata hödürlenýän ýa-da daşary bazarlara iberilýän önümlerdir harytlaryň hiliniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek önüm öndürijileriň derwaýys wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem gullugymyzyň hünärmenleri bu babatda hereket edýän kanunçylygyň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi ugrunda ykjam aladalanýarlar.

Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, döwlet gözegçiligi, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa bölümleri hem-de etraplarda ýerleşýän Baýramaly, Şatlyk, Ýolöten bölümleri bar. Olar öz işini Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuknamalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyryklary, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we Mary welaýatyndaky gullugyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, ýerli häkimlikleriň kararlaryndan gelip çykan tabşyryklar esasynda alyp barýarlar. Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň hünärmenleri önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen welaýatyň çäginde ýerleşýän edara- kärhanalaryň işgärleriniň arasynda wagyz- nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler.

Gullugymyzyň garamagyndaky Döwlet synag barlaghanasynyň 9 bölümi bolup, onda umumy 877 görnüşli önümde 3428 sany synag işlerini geçirmäge hukuk berlen. 2021-nji ýylyň ýedi aýynyň jemi boýunça 38625 sany önümde 158091 sany synag işleri alnyp baryldy.

Häzirki wagtda gullugyň dolandyryş binasynda «НЕВА-Тест 6303И» kysymly elektrik energiýasyny hasaplaýjy, şeýle hem «ВПУ-Энерго-0012-ВУ-ОР-ТК» kysymly suw hasaplaýjy gurnaldy we işe goýberildi.

Mary welaýaty boýunça jemi 47 sany galla kabul ediş nokatlary bolup, üstümizdäki ýylda olaryň ählisinde synag barlaghanalary açyldy. Barlaghanalar dänäniň hil görkezijilerini kesgitlemäge niýetlenen enjamlar bilen doly üpjün edildi. Ölçeg enjamlary we tereziler öz wagtynda döwlet deňeşdirme barlagyndan geçirildi. Şu ýylyň galla oragy möwsüminde jemi 195 sany möwsümleýin hünärmenler işe kabul edilip, olar welaýatymyz boýunça meýilleşdirilen 345000 tonna bugdaý hasylyny almaklyga saldamly goşant goşdular.

Bularyň bary hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.



Süleýman TÖRÄÝEW,
Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň başlygy

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №3, 2021