27‒nji SENTÝABR — TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNI


GARAŞSYZLYK DÖRETMEGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR

Baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň baýram edilmegi tutuş türkmen halkymyz üçin ähmiýetli wakadyr. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň «Garaşsyzlyk» düşünjesiniň türkmen halky üçin nämäni aňladýandygy baradaky soragyna şeýle jogap berdi: «Garaşsyzlygyň ähmiýeti barada aýdylanda, oňa soňky bir asyra golaý döwrüň içinde ýurdumyzyň taryhy ösüşi nukdaýnazaryndan garamagy teklip edýärin. Şu pikirden ugur almak bilen, men Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň onuň gadymy taryhynyň dowamat bolandygyna ynanýaryn. Türkmenler, aslynda, döwlet gurujy halkdyr».

Hakykatdanam, köp asyrlyk taryhynyň dowamynda beýik ata-babalarymyz dünýäniň dürli sebitlerinde 70-den gowrak döwlet döretdiler. 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen milli sala- salşykdan soň, ýurduň ilatynyň 94 göteriminiň özbaşdaklyga ses bermegi bilen, Garaşsyzlygyň yglan edilmegi netijesinde türkmen halky täze taryhy şertlerde hakyky özygtyýarly ösüş ýoluna gaýdyp geldi.

Soňky 30 ýylda düýpgöter täze Konstitusiýanyň esasynda ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň durnukly gurluşy emele geldi, onuň esasy şahalary — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet deňagramly işleýär we biri-biriniň üstüni ýetirýär. 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplyk derejesini BMG-niň Baş Assambleýasy goldady we ykrar etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany dünýä ykdysady giňişligine goşmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýolbaşçylygy netijesinde energetika, ulag, aragatnaşyk, agrosenagat toplumy, maliýe we bank ýaly strategiki taýdan möhüm pudaklar depginli ösýär. Işiň ähli ugurlaryny giňden sanlylaşdyrmak işjeňleşdirilýär.

Häzirki wagtda jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýäniň iň galkynýan döwletleriniň hatarynda orny bar. Bütindünýä bankynyň habaryna görä, Türkmenistan girdeji derejesi boýunça dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary ýurtlaryň arasynda ýerleşýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň mukdary 8,4 esse ýokarlandy, ýurduň ykdysadyýetine esasy maýa goýumynyň umumy mukdary, takmynan, 209 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bulardan 66,6 göterimi ýa-da, takmynan, 140 milliard dollar önümçilik pudagyna gönükdirildi. 2891 sany iri durmuş we senagat desgasy guruldy hem-de işe girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ýüzlerçe senagat we innowasiýa desgalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli bäsleşýän ata Watanymyzda kuwwatly dokma senagaty emele geldi. Ylmy-tehnologiki ulgamyň okgunly ösüşi üçin şertler döredildi. Häzirki wagtda ýangyç we energetika toplumy hasaba alynmanda, döwlete degişli däl pudagyň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 70 göterime ýetdi.

Döwletiň kuwwatly jemgyýetçilik syýasaty ösüşiň «türkmen nusgasynyň» tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Döwlet býujet serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy adamlaryň durmuş derejesini we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Gurluşyk pudagyna jemi 38 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň we talyp haklarynyň mukdary ýylda 10 göterim ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny amala aşyrýan «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işgärleri hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwatynyň pugtalanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gündelik işlerinde standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygy boýunça döwlet gözegçiligini ýerine ýetirýärler. Mundan başga-da, gullugymyz eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar, şeýle-de hususy telekeçiler üçin hökmany bolan standartlaşdyrma resminamalarynyň döwlet ýazgylaryny tassyklaýar we alyp barýar.

Şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy öz işinde standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditasiýa, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalary girizýär, bu ugurlar boýunça kadalaşdyryjy we usulyýet resminamalarynyň bitewi maglumat binýadyny döredýär we ýazgylary ýöredýär.

Sözümiziň ahyrynda, Garaşsyz Türkmenistanyň 30 ýylda geçen ýoluna ser salanymyzda, bu ýyllaryň döretmegiň ýoly bolandygyny, ägirt uly ykdysady kuwwatyň emele gelendigini, ýurduň mundan buýana-da giň gerimli ösüşini üpjün edýän berk maddy we ruhy binýadyň kemala gelen döwrüdigini ynamly aýtsa bolar.



Myrat GARAJAÝEW,
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň standartlaşdyryş we sertifikatlaşdyryş bölüminiň başlygy

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №3, 2021