Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat!


2021-nji ýylyň 25-nji maýynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly senäniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelmegi has-da guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 140 ýaşy arka atan gözel paýtagtymyzyň toý dabarasynyň belentden belent tutulmagy günbegünden gülläp ösýän berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza, eşretli durmuşymyza, Aziýanyň merjeni hasaplanýan şäherimize bolan çuňňur buýsanjymyzy alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa ornaşdyryldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň hökmany ileri tutulýan ugurlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport desgalary we beýleki önümçilik maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu uly özgertmeler häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz «Aziýanyň merjeni», «Parahatçylyk şäheri», «Aziýanyň Ženewasy», «Merkezi Aziýanyň ýüregi», «Ak mermerli Aşgabat» diýen ýaly buýsandyryjy häsiýetlendirmelere mynasyp boldy. Ýöne şolaryň içinde «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» adynyň has-da ýörgünli bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Sebäbi döwrümiziň beýik binagäri bolan hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen baş şäherimiz Aşgabat gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede özgerdi.

Aziýanyň iň döwrebap, depginli gurulýan şäherleriniň biri bolan paýtagtymyzda adamlaryň ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherimizde bagy-bossanlyga bürelen owadan seýilgähleriň onlarçasy döredilip, olaryň sanynyň häzirki wagtda 68-e ýetendigini muňa mysal getirmek bolar. Bu günki gün Aşgabat dünýäniň iň howpsuz ýurdunyň paýtagty, ýaşamak üçin ähli amatly şertleriň bir ýerde jemlenen ajaýyp şäheri hökmünde ykrar edildi.

Gojaman Köpetdag bilen Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde ýerleşýän paýtagtymyzyň baý taryhy bar. Taryhy çeşmeler şäheriň 1881-nji ýylda Ashabad obasynyň golaýynda düýbüniň tutulandygyny, şoňa görä- de onuň başdaky adynyň «Ashabad» bolandygyny habar berýär. «Aşgabat» sözi «yşk» we «abat» sözleriniň birleşmeginden emele gelip, hemmeleriň birek- biregi sylaýandygyny, hormatlaýandygyny, gowy görýändigini aňladýar.

Ak mermerli Aşgabadymyz özüniň ajaýyp gözelligi, ýaşyl baglary we seýilgähleri, döwrebap awtoulag ýollary, Watanymyzyň taryhy gahrymanlarynyň heýkelleri bilen tapawutlanýar. Dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýän paýtagtymyz özüniň täsin desgalary we binalary netijesinde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna indi 11 gezek girizildi.

Şähergurluşyk ulgamynda gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, binagärligiň milli nusgasy hem-de gözelligiň we bezeg işleriniň aňrybaş ugurlary ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasyndan, ýadawsyz zähmetinden täze röwşe eýe bolan gözel Aşgabat şäherimiz bu gün gülläp ösýän ýurduň, ägirt uly özgertmeleriň, ösüşleriň, abadançylygyň we agzybirligiň, dost-doganlygyň we ynanyşmagyň, sagdynlygyň we sportuň paýtagtyna öwrüldi.

Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň we ýeňişleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlarynyň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!



Mämmetmyrat MEREDOW,
Türkmen standartlar maglumat merkeziniň direktory

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №2, 2021