SUW — GYMMATLY BAÝLYK


SUW — GYMMATLY BAÝLYK

Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar. Şeýle çemeleşme halkymyzyň ýaşaýyş çäginiň tebigy şertleri, suwuň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen hem baglydyr. Şol sebäpli halkymyz irki döwürlerden başlap, suw bilen baglanyşykly daýhançylyk däp-dessurlaryny berk berjaý edip, suwuň gyt şertlerinde hem toprakdan bol hasyl almagy başarypdyrlar, özleriniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Olar çeşme, gar-ýagyş suwlaryndan peýdalanmagyň gymmatly tejribesini toplapdyrlar.

Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny: bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgapda Soltanbent, Gowşutbent; Tejen derýasynda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Halkymyz uly bolmadyk ekin meýdanlaryny suwarmak üçin, Daşoguz sebitlerinde we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyr. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar. Käriz — el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär. Käriz gazmak işi örän kyn hem-de gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlara «kärizgenler» diýipdirler.

Çöllerde guýy gazmak hem ýeňil- ýelpaý iş bolmandyr. Guýy ussalary biçak duýgur adamlar bolup, ýeriň astynyň haýsy ýerinde suwuň bardygyny, onuň nähili çuňlukda ýerleşýändigini öňünden kesgitlemegi başarypdyrlar. Gumda guýy gazmak örän howply hem-de erjelligi talap edýän iş bolupdyr. Guýular gazylanda, olaryň iç ýüzüne gandymdyr tut agajynyň inçeli- ýogynly çybyklaryny ýa-da bişen kerpiçleri örüpdirler. Şonda olary «agaç örüm» we «daş örüm» diýip tapawutlandyrypdyrlar.

Ussalarymyz suw saklaýan, üsti ýapyk howuzlary, sardobalary hem gurupdyrlar. Sardobalar ygal suwlaryny saklamak üçin, ýörite gurlan desgalar bolupdyr. Şolardan iň gadymylary Merwden Amula barýan ýolda ýerleşipdir. Gadymy Marguşda, Nusaýda we beýleki ýerlerde gurlan suw howdanlarynyň galyndylary häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Türkmenler ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin esasy ene ýaplary we kärizleri köpçülik bolup, haşar edip gazypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda, şol sanda suw hojalyk ulgamynda alnyp barylýan tutumly işler buýsanjyňy artdyrýar. Bu işler suwuň ýekeje damjasyny altyn dänesine deňän türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.



Guwanç REÝMOW,
Lebap welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Kerki bölüminiň başlygy

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №2, 2021