Gelse Nowruz äleme...


Nowruz gadymy baýramçylyklaryň biri bolup, onuň döränine 4000 ýyl, käbir maglumatlara görä, 5000 ýyldan köpräk wagt geçipdir. Now-täze, ruz-gün diýmekdir. Ol «täze gün», ýagny «täze ýyl» diýen manyny aňladýar. «Nowruz» sözüniň köki «now» sözünden bolup, dünýäniň köp ýerine ýaýrapdyr. Türkmençe now sözi rus dilinde nowyý, nemes dilinde-noýe, latynça-neo, grekçe-neýa sözleri görnüşinde ulanylýar. Bu söz dünýäniň birnäçe şäher atlaryna-da dakylypdyr. Mysal üçin: Nowgorod, Nowokuznesk, Nowosibirsk, Nýuw-ýork (Amerika, Ýork-iňlis korolynyň erkek doganynyň familiýasy), Nýuwport (Angliýa, täze port), Nýuw-Deli (Hindistan, paýtagtyň täze bölegi) we beýlekiler. Bulardaky now sözi täze diýen manyny aňladýar.

Nowruz güni ylmy nukdaýnazardan Täze ýyl hasaplanylýar. Sebäbi, mart aýynyň 21-nden 22-ne geçilende, gije-gündiziň ýazky deňleşýän pursaty bolmak bilen, gyş pasly tamamlanyp, astronomiki ýaz pasly başlanýar. Şol günden beýläk tebigatda gündiz uzalyp, ýagtylyk köpelip ugraýar, garaňkylyk yza tesýär. Ähli zat janlanýar, ösümlikler, ekinler ösýär, tebigat gözelleşýär. Şonuň üçinem, Nowruz– hakyky we tebigy täze ýyldyr.

Nowruzyň ilki Yrakda bellenip başlanandygy barada käbir çeşmelerde aýdylýar, şol gün Dežle (Tigr) we Ýewfrat derýalryna suw gelýän ekeni. Nowruzyň bellenmegi, esasan, derýalardan suw içip ýaşaýan halklar bilen baglanyşyklydyr. Derýa Türkmenistanda-da bar. Tejen, Etrek, Amyderýa, Murgap derýalarynyň suwuny içýän adamlar hem bu baýramçylygy dabaraly belläpdirler.

Nowruz ilkinji nobatda ýerden önýän ekin hasylynyň bereketli bolmagyny arzuw edilýän gündür. Hem-de ekinleri ösdürip, maýyl howany gaýtaryp getirýänligi üçin Ýaradana, tebigata minnetdarlyk bildirilýän gündür. Şeýle hem şol gün ähli ýaramaz niýetlerden, erbet işlerden saplanmaga çalşylypdyr. Eger biriniň başga birinde kinesi bar bolsa, bagyşlap, birek- biregiň günäsi geçilipdir. Nowruzda köplenç et iýilmän, onuň deregine ýerden önýän 7 sany ösümligiň hasylyndan bişirilen nygmatlar iýlipdir. Şonda ýyl boýy saçak doly bolýar diýlip, yrym edilipdir. Nowruz gününi kim-de kim şatlyk-şagalaň bilen garşy alsa , indiki Nowruza çenli ömrüň wagtyhoşlukda bolar diýlip hasap edilipdir.

Gündogar ýurtlarynda durmuşa çykmadyk gyzlara şol çün köpçülige goşulyp şatlanmaga, halaýan ýigidini äşgär etmäge, öýlenmedik ýigitlere-de gyz saýlamaga rugsat berlipdir. Şonuň üçinem, ýaşlar şol gün täze geýimlerini geýnip, bezenip çykypdyr. Gyzlar özleriniň boýy-syratyny, asyllylygyny, ýigitler edermenligini, akyllydygyny görkezmäge çalşypdyrlar. Ýigitler bilen gyzlaryň hersi bir tarapda durup, bir-birlerine lak atypdyr. Görlüp oturylsa, biziň häzirki «Aýterek-Günterek» atly milli oýnumyz hem hut şol gadymy däpden gözbaş alýan ýaly bolup dur.

Türkmen halky bir hepde öňünden Nowruza ykjam taýýarlyk görüp ugrapdyr. Jaýlar, goşlar tämizlenip, köne-küşül geýimler, zatlar yrym edip zyňlypdyr, täze geýim geýnilipdir. Gonamçylyga zyýarat edilipdir. Umuman, Nowruz baýramçylygy myhmansöýerligiň, bir-birege hormat goýmagyň baýramçylygydyr.

Türkmen Nowruzy semeni bişirip garşy alýar. Näme üçinkä? Ol baharyň gelendigini aňladypdyr. Çünki, maýsa ýetişse, ýere ýylylyk ýaýranlygynyň alamaty, topraga näme sepseň gögerjek. Diýmek, bu dessuryň ekiş-meýdan işlerini ýola goýmagyň wagty geldi – diýlen manysy bar.

Ikinjidenem, Nowruzda taýarlanýan semeniniň dermanlyk häsiýeti güýçli. Ýazda witaminler ýetmezçilik edip adam gowşap başlaýar, gözi garaňkyraýar. Semeni witamin ýetmezçiliginiň öňini alýar.

Nowruz – bahar baýramy. Baharam ähli pasyllaryň soltany. Bahar adamyny joşdurýar. Şahyryň dilinde Nowruz baýramçylygy şeýle buýsandyryjy setirler bilen wasp edilýär:

Çopan diňläp ýazyň ýürek urgusyn,
Guzulaň sesine çalýar gargysyn.
Erik gülläp mälim edýär söýgüsin,
Çigildemleň dodaklary közlenýär,
Zer guşakly nowruz gelýär, ýaz gelýär.

Ýada salyp iri çyzyk depderi,
Ýaşyl gowaçalar bezesin ýeri,
Üçeklerden guguldaşsa kepderi,
Gökde esger nyzamynda gaz gelýär,
Buşluk ! Buşluk! Nowruz gelýär, ýaz gelýär!

Nowruz baýramçylygyny begenip, şatlanyp, dabaraly garşylamagyňyzy dileg edýäris!