PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ŞADIWAN


PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ŞADIWAN

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy senedir. Bilşimiz ýaly, şol gün Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistan Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Şol günden başlap hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty BMG-niň maksatlaryna, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy ýola goýmaga, ýurtlaryň arasynda özara bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirildi. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerini özünde jemleýän Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, abadan we asuda durmuşyny üpjün etdi. Hut şonuň üçin hem 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany » diýlip atlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany » atly kitabyny ýazyp tamamlady.

Döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlap halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyny, gadymyýetden gözbaş alýan köklerini, dünýä halklary üçin ähmiýetini ylmy esasda giňişleýin açyp görkezýär. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu eser Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň, şeýle- de eserler toplumynyň üstüni ýetirdi. Kitapda türkmen halkynyň geljegine bolan garaýyşlar, halkara we milli ülňülerde ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar öz beýanyny tapýar. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň geljekki syýasy ösüşini kesgitländigini, ony hemişelik Bitaraplyk hökmünde kabul edendigimizi hormatly Prezidentimiz kitabynda belleýär.

Bitaraplyk derejesi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny emele getirmäge mümkinçilik berdi. Türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalşandygyny hormatly Prezidentimiz kitabynda nygtaýar. Gyzyklylygy, çeperligi bilen tapawutlanýan neşirde ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilip, onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Eserde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti baradaky garaýyşlara uly orun berlipdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, özbaşdaklyga hormat goýmak, serhetleriň mizemezligi ýaly milli ýörelgeleriň ajaýyp sypatlaryny özüne birleşdirýär. Hemişelik Bitaraplyk derejesi halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy aňladýar hem-de emele gelen çylşyrymly meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyrýar. «Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik » diýip, döwlet Baştutanymyz bu kitabynda belläp geçýär. Şeýle hem anyk mysallara salgylanylyp, Bitaraplyk derejesiniň dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýmaga kömek edýändigi nygtalyp geçilýär.

Milli Liderimiziň kitabynyň häzirki zaman taryh ylmynyň, filosofiýanyň we syýasatşynaslyk ylmynyň ösüşine aýratyn goşant goşjakdygy, bu ugurlarda täze ylmy barlaglara itergi berjekdigi şübhesizdir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eserde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti hakda düýpli gürrüň edilýär. Kitabyň mazmuny diňe bir taryh barada bolman, eýsem, onuň geljegi nazarlaýandygyny hem aýtmak gerek. Şadiwanynda esasy öňe sürülýän pikirleriň biri häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde hem-de ähli ýurtlaryň jebisleşmeginde döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby her bir türkmenistanlynyň ýan kitabyna öwrülip, ýaş nesiller üçin pähim- parasadyň, görüm- göreldäniň we bilimleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat edýär.



Mämmetmyrat MEREDOW,
Türkmen standartlar maglumat merkeziniň direktory

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №1, 2021