STANDARTA LAÝYKLYK


ÝOKARY HIL ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTIDIR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üpjün edildi, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berildi. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar guruldy. Dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän, daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler döwletimiziň kuwwatynyň barha pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, ony dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak ýaly uly maksatlara gönükdirilendir. Munuň özi Diýarymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny, ýokary ýaşaýyş- durmuş derejesini hem şöhlelendirýär.

Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan deňsiz- taýsyz özgertmeleriň netijesinde Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi, gözelleşdi. Paýtagtymyzda hem-de Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan iri zawod- kärhanalar, ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalar barmak büküp sanardan kän. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi we Estetiki merkez, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod, Ak bugdaý etrabynda «Bagabat» şypahanasy, Gökdepe etrabynda Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasy, «Demirbetonönümleri» zawody ýaly iri desgalar işe girizildi. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynyň çäginde täze şäheriň — Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň standartlaşdyryş ulgamynyň döwletiň hem-de jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryna degişlidigini nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda gurulýan önümçilik hem durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan giň gerimli işlerde biziň gullugymyzyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Desgalar üçin zerur bolan önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny, standartyň talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak gullugymyzyň esasy wezipesidir.

Ýurdumyzyň merdana daýhanlary özleri hakynda edilýän aladalardan netijeli peýdalanyp, 2020-nji ýylda galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň ýadawsyz zähmeti netijesinde Watan harmanyna 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 280 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy.

Gullugymyzyň bugdaý we pagta hasylyny kabul ediş harmanhanalarda ýerleşýän barlaghanalarynda öndürijilerden kabul edilýän bugdaýyň we pagtanyň hil görkezijilerini kesgitlemekde hünärmenlerimiz ygtybarly işleri alyp bardylar.

Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynda Döwlet gözegçiligi, Sertifikasiýa, Metrologiki döwlet gözegçiligi, Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölümleri, Merkezi barlaghanasy hem-de Tejen şäher bölümi hereket edýär. Merkezi barlaghanamyzyň bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap synag enjamlary we ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilendir. Olar alnyp barylýan synag işleriniň öz wagtynda we takyk amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Hereket edýän kanunlar döwrebaplaşdyrylýar. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanun we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanun kabul edildi. Bular standartlaşdyryş ulgamynyň hukuk binýadynyň pugtalanmagyna, kämilleşmegine, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň standartlaryň talaplaryna laýyk gelmegine ýardam edýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda standartlaşdyryş ulgamynyň işgärlerine hem öndürijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin

Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Mekan IŞANGULYÝEW,
Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň başlygy

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №1, 2021