Hemişelik bitaraplygymyzyň 25 yyllygyna


BAKY BITARAP WATANYM — ABADAN ÝURDUM

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry — Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran şanly senedir. Şol gün Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistan Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Şol günden başlap, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty BMG-nyň maksatlaryna, sebitde we dünýäde parahatçylygy ýola goýmaga, ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirildi.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Munuň özi sebitde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn şertleri döretdi.

Ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirýän işleri netijesinde 2015- nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamasy ikinji gezek kabul edildi. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan netijeli işleriniň abraýly guramanyň ählumumy ykrarnamasyna eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Geçen 25 ýylyň içinde biziň ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni- ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýdy. Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny emele getirmekde öz mynasyp goşandyny goşdy. Sebitde we dünýäde hemişelik ynsanperwer ýörelgäni goldanýan Bitarap döwletimiz iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine, halklary ýakynlaşdyrýan, ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralanýan günlerinde ýurdumyza ýene- de bir hoş habar gelip gowuşdy. Onda «Gallup» halkara barlaglar merkeziniň pikir soraşmalarynyň netijesinde taýýarlanan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edendigi habar berilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň dünýäde howpsuzlygy, durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm wakalara baý boldy. Beýleki ugurlar bilen bilelikde ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamynda netijeli işler durmuşa geçirilip, ol häzirki wagtda- da güýçli depgin bilen dowam etdirilýär. Ulgamda hereket edýän Kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanun we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanun kabul edildi. Şular ýaly derwaýys kanunlaryň kabul edilmegi standartlaşdyryş ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşmegine, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň halkara standart derejesine ýetirilmegine şert döredýär.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna gabat geldi. Bu şanly senäni Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň agzybir işgärleri eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, ruhubelentlik duýgulary we zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Gullugymyzda Sertifikasiýa, Metrologiýa, Zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, Döwlet gözegçiligi bölümleri we Merkezi barlaghanasy hereket edýär. Merkezi barlaghanamyzyň Gurluşyk we nebit önümleriniň synaglary, Oba-hojalyk önümleriniň synag bölümi, şeýle- de, Fiziki- himiki synag bölümlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap synag enjamlary we ölçeg serişdeleri ornaşdyrylan. Bu bolsa synag işleriniň takyk we ygtybarly geçirilmegini üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynyň 12-nji jiltiniň neşir edilmegi baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp toý sowgady bolandygyny aýratyn nygtap geçesim gelýär. Gymmatly kitaplaryň ikisinde-de Bitaraplyk ýörelgelerine ähmiýetli orun berilýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda adamzadyň durmuş tejribesi, ylym-bilimiň gymmaty, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri, dost-doganlyk gatnaşyklary wagyz edilýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynyň nobatdaky jiltinde bolsa, tebigat bilen bagry badaşyp, sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän milli lukmançylyk mirasy açylyp görkezilýär. Kitap ajaýyp tebigatymyza aýawly çemeleşmäge, ynsan saglygyny we daşky gurşawy gorap saklamaga çagyrýar. Ýurdumyzyň baý dermanlyk ösümlik dünýäsine bolan çuňňur söýgini terbiýeleýär. Mysal üçin, kitapda «aztikenli kertikli» we «maňyşlak söwdegi» ýaly derman ösümlikleri barada düýpli ylmy maglumatlar berilýär. Bular Diýarymyzda seýrek duş gelýän ösümlikleriň hataryna girýär. Bu gymmatly ösümlikleriň, esasan, Daşoguz topragynda bitýändigi, olary ýerli tebipleriň melhem üçin ulanýandyklary barada ýaşulularyň gürrüňlerinden eşiderdik. Häzirki wagtda bu ösümlikler Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda goralýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň tutuş adamzada we tebigata bolan söýgüsini, ynsanperwerligini, agzybirligini, zähmetsöýerligini we şan-şöhratyny bütin dünýä mälim edýär. Bu ynsanperwer ýörelge Watanymyzyň ykdysady hem-de medeni ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşynyň, her bir maşgalanyň şu günki we ertirki abadançylygynyň binýady bolup durýar.



Serdar JUMAGELDIÝEW,
Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň başlygy

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №4, 2020