Hemişelik bitaraplygymyzyň 25 yyllygyna


TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Garaşsyz Türkmenistanyň baýramçylyk senenamasynda dekabr aýynyň 12-si aýratyn orun tutýar. Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 50-nji ýubileý sessiýasynda öz taryhynda we halkara gatnaşyklar tejribesinde ilkinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy » atly 50/80A belgili Rezolýusiýany kabul etdi. Resminamada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy, sebitde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň berkemegine ýardam berer diýip umyt edýändigi bellenilýär. Ondan başga-da Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini Türkmenistanyň täze derejesine diňe bir hormat goýmaga we ony goldamaga däl-de, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we çäk bitewiligine hem hormat goýmaga çagyrýar.

Şol resminamanyň kabul edilmegi Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara hukuk derejesini kepillendirýär. Has takygy, BMG-niň agzalarynyň hemmesiniň razylygy bolmazdan, ol üýtgedilip ýa-da birtaraplaýyn tertipde ýatyrylyp bilinmeýär. Öz gezeginde, Türkmenistan üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek ugrundaky alyp barýan daşary syýasaty we durnukly ösüşi arkaly özüniň Bitaraplyk derejesiniň saklanmagyny kepillendirýär.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşyklydygyny aýtmak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçmegi bilen, türkmen Bitaraplygy hil taýdan täze many- mazmuna eýe boldy. Milli Liderimiz 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň belent münberinde ilkinji gezek çykyş etmek bilen, halkara jemgyýetçiligi üçin Türkmenistanyň açykdygyny, ýurduň giň döwletara hyzmatdaşlyga taýyndygyny mälim etdi. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry boldy.

Geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyz halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, şeýle-de dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýörgünli meseleleri boýunça parasatly pikirleriň hem-de teklipleriň toplumy bilen çykyş etdi. Olaryň arasynda halkara meseleleri çözmekde syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagyň Jarnamasyny işläp düzmek, howpsuzlyk boýunça forumy geçirmek, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylykly ösüş, syýasy durnuklylyk, Owganystany durmuş- ykdysady taýdan dikeltmek boýunça Maslahat geňeşini döretmek ýaly teklipler öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň sebit we sebitara derejelerde ulag-üstaşyr gatnaşygyny ösdürmek, Merkezi Aziýada halkara maliýe institutlarynyň işini işjeňleşdirmek, energiýa üpjünçiligi meselelerinde BMG-niň çarçuwasynda gepleşikleri ýygjamlaşdyrmak, Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak babatdaky başlangyçlary uly seslenme döretdi. Ýurdumyz BMG-de Aralyň deňiz hanasy üçin ýörite Maksatnamanyň işlenip taýýarlanmagyny we Aral meselesi boýunça aýratyn ugrunyň döredilmegini teklip etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji we 2019-njy ýyllarda kabul eden «Birleşen Milletler Guramasy bilen we Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlyk » Kararnamalary bu ugurda düýpli binýat boldy. 2020-nji ýylyň başynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünler Ýygyndysyny işläp taýýarlamak, parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna Bitaraplygyň tarapdarlarynyň Toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyna seredildi.

2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasyndaky bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen Bitaraplygyna sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde, häzirki döwrüň ýörgünli meselelerini çözmekde, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly hem hoşniýetli gatnaşyklaryberkitmekde ygtybarly gural hökmünde baha berildi.

Munuň aňyrsynda uly many ýatyr. Sebäbi 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 3-ne Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy » Kararnamasy ikinji gezek kabul edildi. Resminamada sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, halkara jemgyýetçiliginde dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň hyzmatlary ykrar edilýär. Kararnama BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny doly goldaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň we onuň Lideriniň başlangyjy esasynda 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze, halkara hukugynyň we gatnaşyklarynyň tejribesinde öň bolmadyk Rezolýusiýany kabul etmegi onuň logiki dowamy boldy. Ýagny 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip, täze Kararnamany kabul etdi. Munuň özi döwletara gatnaşyklarda gepleşikler arkaly ählumumy parahatçylygy gazanmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdiriji gural hökmünde çykyş edýär.

Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklarynda Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady ugurlaryna uly üns berýändigini aýratyn bellemek gerek. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny birnäçe döwletler bilen bilelikde işläp taýýarlamak boýunça Arkadag Prezidentimiziň täzeçil pikirlerini tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly optiki- süýümli elektrik geçirijisi çekilýär. Ýewropanyň, Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmak üçin sebit döwletleriň arasynda energetika, suw ulanyşygy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmekde giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

«Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi bilen, soňky birnäçe ýylyň içinde Türkmenistanda daşary ýurt serişdeleriniň hasabyna Balkan welaýatynyň Gyýanly deňizýaka şäherçesinde polimer we Garabogaz şäherinde karbamid zawodlary, Ahal welaýatynda dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawody, Mary welaýatynda Merkezi Aziýa boýunça iri kärhanalaryň biri kuwwatlygy 1574 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekedi ýaly uly gazhimiýa kärhanalary guruldy.

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-ne bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, bu günki gün ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy gurulýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, eýýäm ýakyn ýyllarda düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini öndürýän desgany, Daşoguz welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedini, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ýurduň şu gününiň we gelejeginiň hakykatydygyny, onuň diňe milli bähbitleri däl-de, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin maksatlaryny amala aşyrmaga, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşýändigini bellemek gerek.



Myrat GARAJAÝEW,
«Türkmenstandartlary » baş döwlet gullugynyň Türkmen standartlar maglumat merkeziniň direktory

“STANDART, HIL WE HOWPSUZLYK” žurnaly №4, 2020