Döwlet etalon merkeziniň amala aşyrylýan hyzmatlary


«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy

Döwlet etalon merkezi



Döwlet etalon merkezi Türkmenistada ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek maksady bilen aşakda görkezilen hyzmatlary amala aşyrylýar:

• “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň sertifikasiýa gullugy tarapyndan seçip-alyş namalaryna laýyklykda iberilýän ölçeg serişdeleriniň akkreditasiýa çäklerine laýyklykda, sertifikasion synaglaryň teswirnamalaryň berilmegi bilen sertifikasion synaglary amala aşyrýar;

• Fiziki we ýuridiki taraplaryň ýüzlenmesi bilen, akkreditasiýa çäklerine laýyklykda ölçeg serişdeleriň deňeşdirme barlagynyň şahadatnamasynyň berilmegi bilen, ölçeg serişdeleriň deňeşdirme barlagyny amala aşyrýär;

• Fiziki we ýuridiki taraplaryň ýüzlenmesi bilen, akkreditasiýa çäklerine laýyklykda synag enjamlaryň metrologiki attestatlaşdyryş şahadatnamalaryň berilmegi bilen, ölçeg serişdeleriň synag enjamlarynyň metrologiki attestasiýasyny amala aşyrýär;

• Fiziki we ýuridiki taraplaryň ýüzlenmesi bilen, akkreditasiýa çäklerine laýyklykda ölçeg serişdeleriň döwlet synaglaryň teswirnamasynyň berilmegi bilen, ölçeg serişdeleriň Döwlet sanawyna girizmek maksady bilen, ölçeg serişdeleriň döwlet synaglaryny amala aşyrýär;

• Barlaghana enjamlaryň we ölçeg serişdeleriň abatlama işlerini amala aşyrýarlar;

• Danäniň we däne önümleriniň çyglylygy barlaghanasy galla we şaly ýygnalýan döwürde däne kabul ediş nokatlarynda ulanylýän dielkometriki çyglylygy ölçeýjileriň deňeşdirme barlagyny geçirmek üçin, dänäniň çyglylygynyň standart nusgalyklary taýýarlaýar;

• Döwlet etalon merkeziniň binýadynda döredilen TK TM 02 belgili “Metrologiýa ugry boýunça” tehniki komitetiň, döwlet standartlaryň, ölçeg serişdeleriň deňeşdirme barlagynyň usulyýetlerini we kalibrlemegiň usulyýetlerini işläp taýýarlaýar, terjime edýär we gutarnykly hasaba almak üçin işleri amala aşyrýar.




Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş.,1953 köç(Ýaşlar), j. 76

Telefon: 42-23-04, Faks 42-23-34

Resmi saýty: etalon.gov.tm