PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝÖRELGESI


Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň döwletimiziň ýöredýän oňyn Bitaraplyk syýasatynda tutuş adamzadyň geljeginiň abadan hem parahat ýaşamagyny üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasydyr. Dünýäde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu Gurama agza bolan 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada Rezolýusiýa kabul edildi. Bu Rezolýusiýa laýyklykda, döwletimiz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäde ilkinji Bitarap döwlet boldy.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýäniň beýleki bitarap döwletleriniň bitaraplygyndan düýpli tapawutlanýandyr. Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy hökmünde onuň öňe çykan birnäçe aýratynlygyny bellemek bolar: birinjiden, türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça «ykrar edilendir», ýagny bütindünýä bileleşigi tarapyndan BMG-niň agzasy bolan döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ses bermegi bilen (185 döwletiň gatnaşmagynda) ykrar edildi; ikinjiden, görnüşi boýunça «hemişelikdir», ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir; uçünjiden, manysy boýunça pozitiwdir, konstruktiw häsiýete eýedir. Munuň özi parahatçylyk we durnuklylyk hem-de döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde döwletiň işeňňir pozisiýasynyň bolmagyny aňladýar. Onsoňam Türkmenistanyň bitaraplygy gaýry bitarap döwletlere garanynda ykrar etmäniň we goldawyň iň ýokary derejesine eýedir; dördünjiden, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä meýletinlikde seçip almagy bilen, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýanlygy bilen özi-de hiç hili syýasy wakalar bilen baglanyşyksyzlykda gazanandygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy halkara derejesindäki özgertmeleriň ajaýyp üstünlikleri bilen utgaşýar. Parahatçylyksöýüji daşary syýasatyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ýokary derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi mukaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli üstünliklerimiziň esasy we mizemez daýanjydyr» diýip buýsanç bilen belleýär.

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk hukuklaryna eýe bolany bäri onuň talaplaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini göz öňünde tutup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýanyň ikinji gezek tassyklanmagy muňa doly şaýatlyk edýär. Bu Rezolýusiýada Birleşen Milleteler Guramasy döwletimiziň hemişelik bitaraplyk ýagdaýyny goldaýandygyny ýene bir gezek yglan etdi, bu bolsa onuň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işiniň, sebit hem bütin dünýä möçberinde durnukly ösüşe ägirt uly goşandynyň tassyklanmagydyr.

Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany — hormatly Prezidentimiz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde yzygiderli çykyş edýär, hoşmeýilli bitaraplyk, birek-birege hormat goýmak, özara peýdaly hyzmatdaşlyk, deň hukuklylyk, halkara soraglary diplomatik ýollar bilen çözmek, goňşy döwletler we dünýäniň ähli ýurtlary bilen ylalaşykly, agzybirlikli gatnaşyklary amala aşyrmak ýaly ählumumy ykrar edilen döwrebap ýörelgelere esaslanýan başlangyçlarynydyr tekliplerini öňe sürýär. Bu garaýyşlar dünýä bileleşiginiň bähbitleri bilen sazlaşýar, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň mazmunynyň ynsanperwerligini alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem ol teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar.

Bitaraplyk dünýäde parahat ýaşaýşy, agzybirligi, asudalygy ileri tutýar. Bu bolsa her bir adamyň, her bir jemgyýetiň tebigatyndaky parahat ýaşamaga bolan isleglerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, geosyýasy we milli bähbitlere salgylanmak we oňa eýermek esasynda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurt hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi çykarmagy kanunalaýyk ýagdaý bolup duýulýar.

Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzy bolelin bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatlygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşatmagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!


^