BITARAPLYGYŇ TÜRKMEN NUSGASY


Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

— Biz Türkmenistanda Bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys. Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär.


Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda parahatçylyk, abadançylyk hem durnukly ösüş höküm sürýär, mähriban halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ynsanperwer daşary we içeri syýasatyň amala aşyrylmagy netijesinde türkmen halky dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýar. Durnukly ösüşler bilen öňe barýan Türkmenistan dünýewi, hukuk we demokratik döwlet hökmünde milletler bileleşiginiň işjeň agzasy, bitaraplyk taglymatynyň mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitli işlerde ulanýan döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Milli Liderimiziň işjeň daşary syýasaty bilen türkmen Bitaraplygy oňyn tejribelerdir, täze diplomatik netijeler arkaly baýlaşdyrylýar. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýäniň beýleki bitarap döwletleriniň bitaraplygyndan düýpli tapawutlanýandyr. Türkmen Bitaraplygynyň milli nusgasy hökmünde onuň öňe çykan birnäçe aýratynlygyny bellemek bolar.

Birinjiden: türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça «ykrar edilendir», ýagny bütindünýä bileleşigi tarapyndan BMG-niň agzasy bolan döwletleriň hemmesiniň biragyzdan ses bermegi bilen (185 döwletiň gatnaşmagynda) ykrar edildi. Şeýlelikde, dünýäde Bitaraplygyň halkara hukuk derejesine eýe bolan ilkinji döwlet bu biziň jan Watanymyz Garaşsyz Türkmenistanymyz.

Ikinjiden: görnüşi boýunça «hemişelikdir», ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir.

Üçünjiden: manysy boýunça pozitiwdir, konstruktiw häsiýete eýedir.

Munuň özi parahatçylyk we durnuklylyk hem-de döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde döwletiň işeňňir pozisiýasynyň bolmagyny aňladýar. Onsoňam Türkmenistanyň bitaraplygy gaýry bitarap döwletlere garanynda ykrar etmäniň we goldawyň iň ýokary derejesine eýedir.

Dördünjiden: ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny öz erk islegine görä meýletinlikde seçip almagy bilen, onuň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýanlygy bilen özi hem hiç hili uruşlar bilen baglanyşyksyzlykda gazanandygy bilen tapawutlanýar.

Dünýäniň bitarap döwletleriniň taryhyna ser salsak, Şweýsariýa 1815-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Napoleonyň goşunlary derbi-dagyn edilen soň, Ýewropa döwletleriniň käbiriniň (Fransiýa, Angliýa, Germaniýa) gol goýan «Pariž Jarnamasy» arkaly Bitarap boldy. Watikan Italiýa bilen Lateran şertnamasy esasynda, San-Marino döwleti bolsa Italiýa bilen 1939-njy ýylyň 31-nji martynda baglaşylan şertnama esasynda «Bitarap» boldy. Awstriýa 1955-nji ýylyň 26-nji oktýabrynda «Bitaraplyk hakynda» kabul edilen bir döwletiň federal konstitusion kanuny esasynda birtaraplaýyn häsiýetde Fransiýanyň, Angliýanyň, SSSR-iň we ABŞ-nyň syýasy talap bildirmegi bilen özüniň bitaraplygyny gazandy. 1962-nji ýylyň 23-nji iýulynda Laos döwletine konflikti parahatçylykly çözmek maksady bilen Ženewada (Şweýsariýa) gol çekildi. 1981-nji ýylyň 14-nji maýynda Malta öz hökümetiniň jarnamasy esasynda Kombodža raýatlara uruşlaryň öňüni almak maksady bilen Bitarap boldy.

Garaşsyz Türkmenistanyň hem Bitaraplyk derejesine ýetmeginiň özboluşly taryhy ýoly bardyr. 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda ÝHHG-niň Helsinki maslahatynda Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda «oňyn bitaraplyk» ýörelgesinden ugur aljakdygyny halkara jemgyýetçiligine äşgär etdi.

Soňra 1995-nji ýylyň 15-nji martynda YHG-niň döwlet baştutanlarynyň Yslamabatda bolan III duşuşygynda Türkmenistan Hemişelik Bitarap döwletiň borçlaryny konstitusion tertipde öz üstüne alýandygy hakynda ýörite Beýannama bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň şeýle meýlini Russiýa Federasiýasy, Fransiýa, Angliýa, Germaniýa, Hytaý, Hindistan ýaly uly döwletler biragyzdan goldadylar.

1995-nji ýylyň 28-nji awgustynda türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň Bişkekde bolan duşuşygynda, 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kartahena şäherinde «Goşulmazlyk hereketi» guramasy 114 döwletiň wekilleriniň adyndan Birleşen Milletler Guramasyna Ýüzlenme kabul edildi (Türkmenistana Hemişelik Bitaraplyk derejesini bermek hakynda).

Şondan soň, 1995-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ylalaşdyryjylyk, parahatçylygy goramak meselesinde Birleşen Milletler Guramasyna ygrarly bolup sebitde ýardamçy bolmaga borçlanýandygyny nygtady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen 50/80A Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy Rezolýusiýasyna 25 sany döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýe bolup ata Watanymyzyň halkara abraýyny belent derejelere ýetirdi.

Geçen döwrüň içinde Aşgabat Täjigistan we Owganystan ýaly sebitiň döwletleriniň meselelerini çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda we 47 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde ikinji gezek «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» atly täze Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini gaýtadan goldamagy biziň döwletimize we döwlet Baştutanymyza goýlan uly syýasy hormatdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tarapyndan «Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň 2-nji gezek iş sapary bilen Türkmenistana gelmegi, döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Pan Gi Mun hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sebitde Ylalaşdyryjy merkez hökmünde asudalygy, parahatçylygy gorap saklamakda Bitarap döwletimiziň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçen 71-nji mejlisinde çykaran 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi bolsa türkmen bitaraplygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň hemişelik subutnamasy boldy. Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzy bolelin bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatlygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşatmagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!