«Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» BUÝRUK



«TÜRKMENSTANDARTLARY»
BAŞ DÖWLET GULLUGY

BUÝRUK
  MAIN
STATE SERVICE
«TURKMENSTANDARTLARY»

ORDER
 
«01» noýabr 2018 ý.   №247-iş

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 1/108 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Deňeşdirip barlamaga we kalibrlemäge degişli ölçeg serişdeleriň we olaryň döwürleýinligiň Sanawyna üýtgetmeleri girizmek hakynda

«Ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ölçegleriň takyklygyny üpjün etmek, fiziki we ýuridiki şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda 899 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 1/108 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Deňeşdirip barlamaga we kalibrlemäge degişli ölçeg serişdeleriň we olaryň döwürleýinligiň Sanawynyň on sekizinji we on dokuzynjy böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

18. Senagatda ulanylýan sowuk we gyzgyn suw hasaplaýjylary 2 ýylda 1 gezek
19. Hojalykda (durmuş şertlerinde) ulanylýan sowuk we gyzgyn suw hasaplaýjylary 4 ýylda 1 gezek

2. Şu buýrugy döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ garamagyndaky edaralaryň metrologik gulluklary hem-de deňeşdirme barlaglary we kalibrleme işerini geçirmeklige hukuklary bolan fiziki we ýuridik şahslar şu buýrugyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ başlygynyň orunbasary gözegçilik etmeli.

Başlyk   M.Kakabaýew






^