Türkmenistanyň Halk Maslahaty


25-nji sentýabrda döwlet Garaşsyzlygymyzyň XXVII ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilen umumymilli maslahat halkymyzyň jebisligini, döredijilik kuwwatyny, zähmet işjeňligini has-da ýokarlandyrdy, baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň öňünde uly maksatnamalaýyn çykyş etdi. Şol çykyşynda döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden ylham alyp, ýurdumyzda ähli ulgamlar babatda gazanylan üstünlikler barada birin-birin durup geçdi.

Hakykatdan-da Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Orta we kiçi hususy telekeçilik yzygiderli ösdürilýär. Bilim, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygyny özgertmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr. Welaýatlarda iri maldarçylyk toplumlary gurulýar, oba hojalyk önümleri bilen ýylyň bütin dowamynda üpjün etmäge mümkinçilik berýän iri ýyladyşhana hojalyklary döredilýär. Milli Liderimiz şol taryhy çykyşynda oba hojalyk ulgamynda netijeleriň pesdigine ünsi çekip, obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny gözlemelidiginiň wajypdygyny nygtady we mejlise gatnaşyjylara obasenagat toplumynyň işini gowulandyrmak boýunça teklipleri hödürledi. Milli Liderimiziň pes önümçilik görkezijileri we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleri alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilmegi, şu maksat bilen, kanunçylyga laýyklykda, ýörite ýer gaznasyny döretmegi hem-de iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleri 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere bermek barada teklipleri ählumumy maslahata gatnaşyjylar tarapynda gyzgyn goldaw tapdy. Döredilen şeýle mümkinçilikleriň, ýeňillikleriň oba zähmetkeşleriniň bol hasyl almaga höwesini has-da artdyrjagy aýdyň hakykat.

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak we artdyrmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek türkmen döwletde möhüm syýasy ugurlaryň biridir. Çünki biziň ýaşaýyş-durmuşymyz, saglygymyz tebigat bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz taryhy maslahatda şu nukdaýnazardan hem birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Bilşiňiz ýaly, döwletimiz tarapyndan geçiş döwründe ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, gazdan, elektrik energiýasyndan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanylmagy, ýaşaýyş jaýlary we edilýän jemagat hyzmatlary üçin ujypsyz bahalaryň bellenilmegi ýaly deňsiz-taýsyz ýeňillikler döredildi. Netijede halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi görnetin ýokarlandy. Abadan durmuşly halkyň döredijilik kuwwatynyň artmagy netijesinde bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwaty berkedi. Bu bolsa her adamyň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Her maşgala gazanç etmek, çagalary ekläp-saklamak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz taryhy maslahatda döwlet tarapyndan mugt berilýän şol serişdeleriň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we jemagat hyzmatlarynyň tölegleriniň esaslandyrylan ulgamynyň ýola goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Tebigy baýlyklarymyz, ýurdumyzyň ösen ykdysady mümkinçilikleri diňe häzirki däl-de, eýsem, geljekki nesillerimize hem hyzmat etmelidigi hakyndaky hakykat Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibiniň hem halk tarapynda oňlanylmagyny şertlendirdi.

Umumymilli forumda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» Karara, «Türkmenistanyň ilatyny elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün etmegi tertipleşdirmek hakyndaky» Karara, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de milli Liderimiz Halk Maslahatynyň indiki mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmagy teklip edip, oňa degişli Karara-da gol çekdi.

Halk Maslahatynyň birinji mejlisine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işgärlerinden hem wekiller gatnaşdy.

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmagyna, halk häkimiýetiniň berkarar edilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!


^